- çyrşatmak
- işlik1) Degrip, çalyp hapalatmak.∙ Näme üçin, üzümiň şiresini egin-başyňa çyrşadypsyň?!2) Göçme manyda Suwag etdirmek, suwag çaldyrmak.∙ Tamyň ýüzine palçyk çyrşatsaň bolmaýarmy?!3) Göçme manyda Hat ýazdyrmak.∙ Aşyr öýde bolan bolsa, bir-iki setir çyrşadyp, ogluma hat iberjekdim.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem çyrşatmak - çyrşadýar, çyrşadar, çyrşadypdyr.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.